FIFA ilkinji gezek Saud Arabystanyndan zenany halkara emin belledi

  • 09.01.2023 15:35
  • 7.6k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) ilkinji gezek Saud Arabystanyndan zenany halkara emin bellemek kararyna geldi. Bu barada “Arabian Daily” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Bu statusa Anud Al-Asmari eýe boldy. Ol özünden başga-da Saud Arabystanyndan ýene ýedi erkek emini öz içine alýan halkara derejesindäki eminleriň hataryna goşulandygyna begenýändigini belledi.
Al-Asmari erkekler toparlarynyň oýnunda işlemäge taýýardygy ýa-da däldigi baradaky soraga hem jogap berdi. Ol bu wezipäni Saud Arabystanynyň futbol assosiasiýasy tassyklaýança bu barada pikir etmek islemeýändigini aýtdy.
34 ýaşly Al-Asmari eminlik karýerasyna 2018-nji ýylda başlady. Öň, ol 2019-njy ýylda esaslandyrylan Saud Arabystanynyň milli zenanlar ýygyndysynyň birnäçe oýnuna eminlik etdi.


düýn 23:23
6.1k+

Fizikler Dünýä çempionatynda ulanyljak topuň garaşylýan wagtyndan öň ýere düşýändigini ýüze çykardylar

ABŞ-nyň Pýudžet-Saund uniwersitetiniň fizikleri 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi topuny synap gördüler we onuň örän gyzykly aýratynlygyny ýüze çykardylar....

düýn 21:08
5k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 00:06
5.9k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
3.8k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....