Dünýäniň birinji raketkasy Australian Open-e gatnaşmaz

  • 08.01.2023 23:14
  • 8.3k+

Dünýäniň birinji raketkasy ispaniýaly Karlos Alkaras öz Instagramynda şu ýyl tennis boýunça Awstraliýanyň Açyk çempionatyna gatnaşmajakdygyny habar berdi. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

Türgeniň aýtmagyna görä, ol türgenleşikde şikes alýar we bu möwsümdäki ilkinji “Uly Tuwulga” ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik bermeýär.

“Men möwsüm başlamazdan öň gowy formada wagtym türgenleşikdäki tötänleýin, tebigy däl hereket sebäpli şikes aldym. Bu gezek sag aýagymyň ýarym perdeli myşsasyna şikes ýetdi. Men Awstraliýada iň gowy derejäme ýetmek üçin yhlas bilen işledim, ýöne, gynansak-da, Australian Open-de oýnap bilmerin. Bu agyr degýär, ýöne men gowy niýetde bolmaly, gaýtadan dikelmeli we hereket etmeli” – diýip, Alkaras ýazdy.

Şu ýyl Australian Open 16-njy ýanwardan 29-njy ýanwar aralygynda Melburnda geçiriler. 19 ýaşly Alkaras Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň dünýä reýtinginde iň ýaş liderdir. Geçen möwsüm ol ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi bolup, karýerasyndaky ilkinji “Uly tuwulga” titulyny gazandy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......