Xiaomi-niň awtoulagynyň ilkinji suratlary neşir edildi

  • 08.01.2023 23:19
  • 22k+

«Hytaý awtoulaglary» Xiaomi-niň Hytaýyň jemgyýetçilik ýollarynda synag edilýän ilkinji awtoulagynyň suratlaryny, şeýle hem olaryň hytaý çeşmelerinden alnan bahalary baradaky maglumatlary çap etdi.

Xiaomi-niň ilkinji awtoulagyna Modena diýilýär. Öň awtoulagyň bahasy 150-200 müň ýuan (22-29 müň dollar) aralygynda bolar diýip çak edilen bolsa, häzir onuň bahasy 260-300 müň ýuan (38-44 müň dollar) aralygynda diýip aýdylýar.
Her niçigem bolsa, bu ýyl awtoulagyň çykaryna garaşmak bolmaz, sebäbi köpçülikleýin önümçilik diňe 2024-nji ýyla meýilleşdirilýär. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaý  öndürijiniň täze ulagy hödürlemegine we şu ýyl deslapky sargytlary kabul edip başlamagyna päsgel bermeýär.


Ýollarda görlen synag awtoulagy kuzowy aerodinamiki şekilli, uzyn kapotly we aýna penjiresiniň üsti lazer aralyk ölçeýjili elektrik sedandyr.
Çap edilen maglumatlardan çen tutsaň, awtoulag üç wersiýada bolar, olaryň her biri  Qualcomm 8295  bir kristally ulgama eýe bolar. Başky ikisi 400 wolt zarýad bermäge ukyply BYD tarapyndan öndürilen Blade demir-fosfat batareýalaryny alar. Üçünjisi  800 wolt zarýad bermegi goldajak we bary-ýogy 15 minutda 0-dan 80% -e çenli zarýad alyp biljek CATL tarapyndan öndürilen Qilin (Silin) batareýasyny alar.
Şeýle hem, Xiaomi 2025-nji ýylda çykmagyna garaşylýan Le Mans atly elektrikli awtoulagy öndürmegiň üstünde işleýär.


şu gün 09:36
1.1k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......