Jeýms Kemeron «Awataryň» 3-nji bölüminiň mazmuny barada gürrüň berdi

  • 08.01.2023 14:01
  • 13k+

Amerikaly režissýor “20 Minutlyk” fransuz teleýaýlymyna interwýu berdi we “Awatar” ylmy-fantastik franşizasynyň soňky bölümleriniň tutuş film seriýasynda iň gowusy boljakdygyny boýun aldy. Kinematografyň pikiriçe, ilkinji lentalar diňe "giriş" boldy.

“Biz baş gahrymanlaryň gatnaşýan wakalaryny dowam etdirmek bilen täze dünýäleri öwreneris. Soňky bölümleriň iň gowusy boljakdygyny aýdyp bilerin. Lentalaryň galan bölegi «esasy tagamy saçaga äbermek üçin taýýarlamak ýaly bir giriş» boldy diýseňem boljak. Elbetde, bu entegem adamlaryň “Awatar 2”-ni nähili kabul etjeklerine, filmiň öz tomaşaçylaryny tapjagyna-tapmajagyna bagly bolar”-diýip Kemeron belledi.

Mundan başga-da, filmi goýujy täze bölümlerde öňkülerden tapawutly täze adamlary tanatmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. “Mysal üçin, kül reňk adamlar oduň güýjüni görkezerler. Na'wi urugyny başga tarapdan görkezmek isleýärin, sebäbi häzirki wagtda men olary diňe gowy tarapdan görkezdim. Ilkinji filmlerde gaty ýaramaz adam keşplerini we Na'vi ýaly oňyn gahrymanlary görmek bolýardy. “Awatar 3-de” muny tersini ederis "- diýdi Kemeron.
Ýakynda çykan franşizanyň ikinji bölümi tomaşaçylaryň göwnünden turdy we premýeranyň başlanan gününden 12 günüň içinde dünýäde 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Şeýle hem bu film 2022-nji ýylda iň köp girdeji gazananlaryň sanawyndaky  üçünji film we COVID-19 pandemiýasy döwründe iň köp girdeji gazananlaryň sanawynda dördünji film boldy. Geçen ýyl “Top Gun: Mewerik”  we “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Agalyk” filmleri hem 1 milliard dollardan gowrak pul toplamagy başardy.

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....