Samsung-yň operasion girdejisi dördünji çärýekde 69% peseldi

  • 07.01.2023 15:32
  • 5k+

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics korporasiýasy 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde operasion girdejisiniň çiplere we smartfonlara islegiň pes bolmagy sebäpli 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 69% peselendigini habar berdi. Degişli deslapky maglumatlar kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.

Oktýabr – dekabr aýlarynda operasion girdeji 4,3 trln wona barabar boldy ($3,4 mlrd). Bir ýyl ozal bu görkeziji 13,8 trln wona deňdi ($10,8 mlrd). 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde – 10,8 trln wona ($8,5 mlrd). Yonhap agentligi kompaniýanyň operasion girdejisiniň 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek çärýekde 5 trln wonadan ($3,9 mlrd) az bolandygyny belleýär. Tutuş ýylyň dowamynda operasion girdejiniň 16%, 43 trln wona çenli ($33,8 mlrd) azaljakdygy çak edilýär.
Umumy satuw göwrümi 70 trln wona ($55 mlrd) boldy, bu bolsa geçen ýyla garanyňda 8,5% azdyr. Ähtimal, 2022-nji ýyl üçin satuw 7,9%, korporasiýa üçin rekord derejeli 301,7 trln wona ($237 mlrd) çenli ýokarlanar. Anyk maliýe maglumatlary 31-nji ýanwarda neşir ediler.
Kompaniýa geçen ýylyň dördünji çärýeginde islegiň garaşylandan hasam pes bolandygyny belleýär. Bu bolsa öz gezeginde ýat mikroshemalary üçin bahalaryň has arzanlamagyna getirdi. Mundan başga-da, makroykdysady meseleler sebäpli smartfonlaryň, durmuş tehnikasynyň satuwy-da azaldy diýip, korporasiýa belleýär.


düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......