Acer ofis stoly bilen welotrenažýory birleşdirdi

  • 07.01.2023 11:56
  • 11k+

Taýwan kompaniýasynyň inženerleri indi olaryň täze önümini müşderiler akyl işini pedaly aýlamak bilen utgaşdyryp ulanyp biljekdiklerini aýdýarlar.

Acer ABŞ-da geçýän CES elektronika sergisinde kompýuteriň başynda uzak wagtlap oturmaga mejbur bolýan ofis işgärleri üçin “sagaldyş” gurluşyny hödürledi.
EKinekt BD 3 kofe gabyny goýmak üçin ýörite ýeri bolan iş stoly bilen enjamlaşdyrylan tigir trenažýorydyr. Onuň üsti islendik ululykdaky noutbugy goýmak üçin ýeterlik giňdir. Onda dik oturyp işläbem bolýar, ýa-da stoly özüňden daşlaşdyryp, tigriňkä meňzeş tutawaçdan tutup, has işjeň türgenleşik üçin öňe eglip bolýar.
Öndürijiniň metbugat gullugy gurluşyň "ekologiýa taýdan arassalygyny" nygtaýar - pedaly aýlamak arkaly ulanyjy elektrik öndürýär we gurluşyň korpusy, esasan, gaýtadan işlenen plasmasdan ýasalandyr.
Şeýle-de bolsa, myşsa işledip alnan energiýa noutbuga zarýad bermäge kemlik eder. Öndürilen elektrik energiýasy diňe smartfonlara we beýleki kiçi gurluşlara zarýad bermäge ýeter. EKinekt BD 3 iki USB-A porty we bir USB-C bilen enjamlaşdyrylan. Gurluş ABŞ-da iýun aýynda 999 dollara satuwa çykarylar.


şu gün 12:35
395

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 08:32
1.4k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.6k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......