«Çelsi» «Monakonyň» goragçysy üçin 37 million ýewro töledi

  • 06.01.2023 19:15
  • 14k+

«Monakonyň» merkezi goragçysy Benua Badýaşil karýerasyny Angliýanyň premýer-ligasynda dowam etdirer. 21 ýaşly fransuz türgeni Londonyň “Çelsisi” bilen 7,5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Geleşigiň maliýe jikme-jiklikleri aýan edilmedi. Transfermarkt.de portalynyň habaryna görä, monegaskiler futbolçynyň söwdasyndan azyndan 37 million ýewro gazandylar.
Badýaşil “Monakoda” tälim alan, ol ilkinji topary üçin ähli ýaryşlarda 135 gezek çykyş edip, alty gol geçirdi we üç gezek netijeli pas berdi. Şeýle-de, goragçynyň hasabynda Fransiýanyň milli ýygyndysy üçin oýnalan iki oýun bar.


18.05.2026 21:08
5.7k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.1k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
3.9k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

17.05.2026 11:50
6.3k+

Semenýonyň ajaýyp goly «ManSitä» Angliýanyň Kubogynyň finalynda ýeňiş getirdi

«Mançester Siti» futbol kluby final oýnunda Londonyň «Çelsi» toparyny 1:0 hasabynda utup, 2025/26 möwsüminde Angliýanyň Kubogyny gazandy. Duşuşyk 16-njy maýda paýtagtyň «Wembli» stadionynda geçirildi....