ABŞ Kataryň yzyndan ýetip, dünýäde suwuklandyrylan gaz bilen iň iri üpjün ediji boldy

  • 06.01.2023 18:32
  • 19k+

ABŞ Ýewropa Bileleşigine iberýän tebigy gazy arkaly 2022-nji ýylda Katardan öňe geçip, suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) bilen dünýäde iň iri üpjün ediji boldy diýip, Bloomberg agentligi  habar berýär. Awstraliýa dünýäde üçünji iri LNG bilen üpjün ediji boldy.

ABŞ Katardan esli öňe geçerdi, ýöne Tehasdaky Freeport LNG eksport zawodynda dörän ýangyn üpjünçiligi artdyrmaga päsgel berdi – ABŞ-nyň bazaryndaky iň uly zawodlaryň biri iýun aýyndan bäri ýapyk we işini ýanwar aýynyň ahyrynda dikelder.
Bu Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin energiýa üpjünçiliginde ägirt uly böküş boldy - ýurt diňe 2016-njy ýylda 48 ştatdan LNG eksport edip başlady we yzygiderli Ýewropa Bileleşigine ýaýrap, Russiýadan ÝB-e gaz üpjünçiliginiň artmagynyň öňüni aldy. Bu döwürde ABŞ-nyň nebit-gaz kompaniýalary gaz suwuklandyryjy zawodlaryň we logistikanyň gurluşygyna millionlarça dollarlyk maýa goýumlaryny artdyrdy. ABŞ ýakyn ýyllarda Meksika aýlagynyň kenarynda birnäçe täze eksport taslamalaryny gurmagy göz öňünde tutýar.


14.01.2026 11:30
3.4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

15.11.2025 09:34
7.4k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...