Zehinli çagalaryň 66-sy Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi boldy

  • 06.01.2023 17:02
  • 8.1k+

5-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen zehinli çagalaryň 66-sy ýörite diplomlara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, oňa 18 ýaşa ýetmedik intellektual we döredijilik ýaryşlarynyň, ders olimpiadalarynyň hem-de milli we halkara derejesindäki sport ýaryşlarynyň ýeňijileri gatnaşyp bilýärler.
Türkmenistanda Gulbaba adyndaky çagalar bäsleşigi 30 ýyldan gowrak wagt bäri (1992-nji ýyldan bäri) geçirilýär we baýrak 3 ýaşyndaka ussatlyk bilen dutar çalyp, öz düzen aýdymlaryny aýtmagy başaran zehinli oglanjyk Gulbabanyň adyny göterýär.
Her ýyl geçirilýän bu bäsleşigiň guramaçylary — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi baýrak alanlaryň hormatyna baýramçylyk konsertini gurady. Onda tanymal aýdymçylar we horeografiki toparlar, şeýle hem Gulbaba adyndaky baýragynyň eýeleri çykyş etdiler.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......