Deýli Blind «Bawariýanyň» oýunçysy boldy

  • 06.01.2023 15:24
  • 9.3k+

Goragçy Deýli Blind erkin agent hukuklarynda «Bawariýa» geçdi diýip,  mýunhen toparynyň resmi saýty habar berýär.

“Mýunheniň “Bawariýasy” möwsümiň ahyryna çenli goragçy Deýli Blind bilen şertnama baglaşdy. Niderlandlaryň ýygyndysynyň 32 ýaşly oýunçysy soňky kluby bolan “Aýaksyň” ýaşlar ulgamynyň üsti bilen geçdi. Şeýle-de, Blind 2014-2018-nji ýyllar aralygynda “Mançester Ýunaýted”-de hem oýnady " — diýip, klubyň beýannamasynda aýdylýar.

“Deýliniň toparymyza goşulandygyna begenýäris. Blind çepde-de, ortada-da oýnamaga ukyply köp taraply goragçy. Ol giň halkara tejribesi we liderlik häsiýetleri bolan oýunçy. Onuň bize kömek etjekdigine ynanýaryn" — diýip, “Bawariýa”-nyň sport direktory Hasan Salihamijiç belledi.


şu gün 09:11
553

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.1k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.3k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......