Tesla galp mahabaty üçin Günorta Koreýada 2,2 million dollar jerime salyndy

  • 05.01.2023 12:19
  • 12k+

Günorta Koreýanyň monopoliýa garşy edaralary Tesla kompaniýasyna 2,2 million dollar möçberinde jerime saldylar. Amerikan awtoulag öndürijisi galp mahabatda aýyplandy diýip, Automotive News ýazýar.

Teslanyň mahabatda birbada birnäçe nädogrulyklary görkezendiginiň üsti açyldy. Ol nädogrulyklar potensial alyjylary ýalňyş pikirlere iterip, goşmaça çykdajylara we ulaglary ulanýarka oňaýsyz ýagdaýa sezewar edip bilerler.
Koreýanyň düzgünleşdiriji edaralarynyň pikiriçe, Tesla bir zarýad bilen geçýän aralygyny aşa uly görkezdi we şol bir wagtyň özünde akkumulýatoryň zarýad alyş wagtyny azaldyp aýtdy. Mundan başga-da, kompaniýa, içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen deňeşdirilende, näçe tygşytlap boljagynyň mukdaryny hakykatda bolmalysyndan has ýokary görkezýär.
Derňew 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýär we ýüze çykarylan düzgün bozmalar 2019-njy ýyldan bäri dowam edýän eken. Kazyýet işine seredilýän mahaly Tesla eýýäm hakyky sanlar arzada görkezilenlere gabat gelmese, jogapkärçilikden boýun gaçyrjakdygy baradaky jümläni öz günorta koreý saýtyna goşdy. Emma munuň peýdasy bolmady.


27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

09.05.2026 08:01
5.7k+

Seulda günortanky uky boýunça ýaryş geçirildi

Seulda adamlaryň ukusyzlyk meselesine üns çekmek maksady bilen, gysga wagtlyk gündizki uky boýunça ýaryş geçirildi....

13.04.2026 15:19
3.2k+

Günorta Koreýa ilatyny mugt mobil interneti bilen üpjün eder

Iýun aýyndan başlap, Günorta Koreýada mobil internetine ählumumy mugt elýeterlilik girizilýär diýip, ýurduň Ylym ministrligine salgylanyp, «The Register» neşiri habar berýär....