FIFA-nyň başlygy her ýurtda bir stadiony Peläniň hormatyna atlandyrmaga çagyrdy

  • 03.01.2023 10:58
  • 16k+

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçysy Janni Infantino dünýäniň ähli ýurtlaryny iň bolmanda bir stadiony üç gezek dünýä çempiony Peläniň hormatyna atlandyrmaga çagyrdy. Bu barada Infantino San-Paulu ştatynyň Santos şäherindäki adybir klubuň stadionynda geçirilen Pele bilen hoşlaşyk dabarasynda aýtdy. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

“Men köp duýgulary başdan geçirýärin: men gynanýaryn, ýöne ýylgyrýaryn, sebäbi Pele bize köp ýylgyryş berdi. Biz FIFA-da futboluň şasyny hormatlaýarys we tutuş dünýäden hem bir minut dymyşlyk bilen oňa hormat goýmagy haýyş edýäris. Mundan başga-da, biz çagalarymyzyň Peläniň näderejede möhümdigini bilmekleri üçin dünýäniň ähli ýurtlaryny iň bolmanda bir stadiony onuň hormatyna atlandyrmaga çagyrmak isleýäris” – diýip, “Globo” Infantinonyň sözlerini getirýär.

Ýatlap geçsek, Pele 29-njy dekabrda aradan çykdy. Ol taryhda oýunçy hökmünde üç gezek dünýä çempiony bolan ýeke-täk futbolçydyr. Ol 92 oýunda 77 gol geçirmek bilen, Braziliýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň gowy bombardirleriň sanawynda birinji orny Neýmar bilen paýlaşýar. Pele professional karýerasynda geçiren gollarynyň sany boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girýär.


şu gün 10:53
2.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......