Şwesiýa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde 6 aýlyk başlyklygy kabul etdi

  • 02.01.2023 13:32
  • 4.3k+

1-nji ýanwardan Şwesiýa 2023-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli dowam etjek Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň gezekleşýän başlyklygynyň hukuklaryny öz üstüne aldy.

"Şwesiýanyň başlyklyk etjek döwründe, gazylyp alynýan ýangyçlardan azat ykdysadyýete geçişde we bäsdeşlige ukyplylygyň aýdyň meýilnamasyna geçmekde güýçli Ýewropa liderligini saklamagy ileri tutarys" – diýip, Şwesiýanyň hökümet başlygy belledi.
"Howpsuzlyk, bäsdeşlige ukyplylyk, “ýaşyl” ykdysadyýete we energetika geçiş, demokratik gymmatlyklar we kanunyň hökmürowanlygy" – Şwesiýa özüniň Ýewropa bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk etjek döwrüniň maksatnamasynda ileri tutulýan ugurlary şeýle kesgitleýär.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....