TmCars: Täze ýylyňyz gutly bolsun!

  • 31.12.2022 22:47
  • 66k+

Ýyl boýy dürli ugurlarda zähmet çekýän, okaýan watandaşlarymyzy bir saýtyň başyna jemlemegi başaran TmCars-yň döredijilik topary Sizi we siziň maşgalaňyzy, ähli halkymyzy Täze 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Özüňize, öýüňize, maşgala ojaklaryňyza ilkinji nobatda we hemişe saglyk, agzybirlik, abraý arzuw edýäris! Täze ýyl ählimiz üçin ähli gowulyklaryň, şowlulyklaryň, rowaçlyklaryň hem-de il-halk ähmiýetli beýik başlangyçlaryň ýyly bolsun!

Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanmak arkaly adamlaryň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirmek, birek-birege ýakynlaşdyrmak, täze mümkinçilikleri ýola goýmak döwrebap ösüşiň derwaýys ugurlarynyň biridir. Şu maksat bilen TmCars täze 2023-nji ýylda hem ulanyjylaryny täzelikleri bilen begendirip, isleglerini kanagatlandyrmak babatda mynasyp zähmet çeker.
Sizi ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, täze ýyl rysgally, bereketli, döwletli we düşümli ýyl bolsun! Kalbyňyzda beslän asylly arzuw-hyýallaryňyz, beýik umytlara ýugrulan ýagşy dileg-dogalaryňyz hasyl bolsun! Kalbymyzyň töründäki bagt hakdaky arzuwlar ykbalymyza ýaýylsyn!

Hemişe TmCars bilen galyň!

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......