1-nji ýanwardan başlap Hyundai Norwegiýada diňe elektromobilleri satar

  • 31.12.2022 15:17
  • 18k+

1-nji ýanwardan başlap Hyundai-yň Norwegiýa üçin öndürýän ulaglarynyň hatarynda diňe elektrik modeller galar. Koreýalylar soňky üç ýylyň satuw statistikasyna göz aýladylar we bu gelnen karar girdejilerine ýaramaz täsir etmez diýen pikire geldiler diýip, Insideevs portaly ýazýar.

Norwegiýalylar üç modelden birini satyn alyp bilerler. Hyundai brendinden diňe Kona krossowerini hödürlär, beýleki ikisi - Ioniq subbrendi bolar - bular 5 we 6 modeller.
2020-nji we 2021-nji ýyllarda Hyundai-yň Norwegiýadaky satuwynyň 90% -ini elektrik ulaglary tutdy. Geçip barýan ýylyň jemleri boýunça koreýalylar 93% ösüşe garaşýarlar. Şeýlelik bilen, içinden ot ýandyrylýan hereketlendirijili modellerden ýüz öwrüläýen ýagdaýynda-da, satuwda hiç hili pese gaçyşlyk bolmaz.
Elektrik ulaglaryna geçiş tizliginde Norwegiýa Ýewropada öňdebaryjydyr. Baryp bir ýyl mundan ozal hem ýurduň täze ulaglaryň satuwyndaky paýy 80% -e golaýlapdy. Amerikaly Tesla aýdyň artykmaçlygy bilen bazarda öňdeligi saklaýar.


düýn 18:36
3.1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....