Ford Toyota Highlander-den has uly täze krossower çykarar

  • 31.12.2022 08:07
  • 18k+

AutoHome neşiri Ford Edge krossoweriniň täze nesliniň ilkinji resmi suratlaryny çap etdi. Model Edge L ady bilen bazara çykar - bu harp teker bazasynyň köpelendigini görkezýär. Ululygy taýdan wnedorožnik JAC konserni tarapyndan öndürilen Toyota Highlander-iň ýerli modifikasiýasyndan ýokary bolar. Täze Ford Edge ýurtda 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde satylyp başlanar.

Ford Edge-iň daşky görnüşi, Hytaý bazary üçin täze Ford stilinde saklanylýandygy sebäpli, düýpgöter özgerdi. Krossower, meselem, haýbatly öň bamperi, kapotyň uzaboýuna gidýän  diod zolagy we gapdallarynda köp sanly galyplap çykylan üýtgeşik yşyklandyryş enjamlary bilen tapawutlanýar.
Ford Edge-niň tapawutly aýratynlyklary üçeginiň dinamiki çyzygy, “goşa” spoýler we kuzowynyň yzky stoýkasynyň häsiýetli çözgüdi bolmaly.
Uzynlygy takyk 5 metr bolan täze Ford Edge  2950 millimetr tigirli baza eýe bolar. Bu Edge-iň öňki nesliniňkiden 100 millimetr köp we Hytaý üçin Toyota Highlander bilen deň mukdarda. Täze ulag uzynlygyna ýapon wsedorožniginden 35 millimetr geçer.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....