Samsung 32 dýuýmlyk telewizor oturdylan sowadyjy hödürledi

  • 30.12.2022 08:13
  • 15k+

Alyjylar elektronikasynyň CES 2023 sergisinden biraz öň, Samsung gapysynda 32 dýuýmlyk  ekrany bolan Bespoke Family Hub sowadyjysyny bildiriş etdi.

Günorta Koreýanyň kompaniýasy häzirlikçe enjam barada diňe käbir maglumatlary açdy. Şeýlelik bilen, gapyda Full HD razreşeniýeli we sensor dolandyryş goldawy bolan dik ekran ýerleşdiriler. Ulanyjylar 270-dan gowrak kanaly bolan Samsung TV Plus hyzmatyny goşmak bilen, YouTube-daky we beýleki programmalardaky maglumaty görüp bilerler.
Mundan başga-da, ulanyjylar sargytlary ýerleşdirip, göni sowadyjynyň ekranyndan reseptleri görüp bilerler, şeýle hem akylly öý ulgamyna birikdirilen enjamlary dolandyryp bilerler. Şeýle hem, “Samsung”-yň  oňa gurnalan programmalarynyň köpüsi barada maglumat berildi.
Täze önümiň bahasy ýanwar aýynyň başynda geçjek CES 2023-de doly tanyşdyrylyş dabarasynda yglan ediler.


düýn 12:35
1.5k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.6k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......