Täze Toyota Land Criser Prado-nyň çykjak wagty aýdyldy

  • 30.12.2022 08:00
  • 24k+

Ýaponiýanyň  BestCarWeb  neşiriniň habar bermegine görä, Toyota kompaniýasy 2023-nji ýylyň tomsunda Land Cruiser Prado wnedorožniginiň täze neslini çykarar. Onuň sözlerine görä, wnedorožnik rama gurluşyny saklar, ýöne bölekleýin elektrikleşdiriler.

Toyota wnedorožnigiň häzirki neslini baryp 2009-njy ýylda hödürläpdi. Çeşmeler modeliň täze wersiýasyny çykarmagyň meýilleşdirilýändigi barada birnäçe gezek habar beripdiler, ýöne neşiriň habaryna görä, komponentler bilen üpjün etmekdäki logistiki kynçylyklar sebäpli indiki nesliň işlenip taýýarlanylyşy gijikdi. Toyota şu ýyl hem şeýle kynçylyklary başdan geçirdi.
Täze Prado-nyň model üçin düýpgöter täze platforma eýe bolmagyna garaşylýar: mysal üçin, Land Cruiser 300 we täze Tundra-da ulanylýan şol bir TNGA-F arhitekturasy oňa uýgunlaşar. Şeýlelik bilen, wnedorožnik konstruksiýanyň esasynda ramany saklar, ýöne ol has ýeňil bolmaly.
Prado üçin motor gammasy, esasan, häzirki ulanylýan we ýakynda täzelenen 2,8 litrlik dizel hereketlendirijisini goşmak bilen, dört silindrli hereketlendirijilerden ybarat bolar. Şol bir wagtyň özünde, täze maglumatlara görä, iň azyndan hereketlendirijileriň käbiri netijeliligi ýokarlandyrmak we ýangyç harçlanyşyny azaltmak üçin elektrik “goşundylaryny” alar.
Alty silindrli hereketlendirijileri ulanmak mümkinçiligi hem bar - mysal üçin, Land Cruiser 300-de 299 at güýjüni öndürýän 3,3 litrlik agyr ýangyç hereketlendirijisi we 700 Nm. TNGA-F arhitekturasy bu görnüşli hereketlendirijileri ulanmaga mümkinçilik berýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......