«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi howa gatnawyny dikeltdi

  • 29.12.2022 07:32
  • 43k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Abu-Dabiniň (BAE) arasynda yzygiderli ýolagçy howa gatnawlaryny dikeltdi. Bu ugur boýunça ilkinji gatnaw 23-nji dekabrda amala aşyryldy diýip, ORIENT agentligi Aşgabadyň Halkara howa menziline salgylanyp habar berýär.

Gatnawlar her anna güni ýerine ýetiriler. Aşgabatda uçuş 18:00, Abu-Dabiden yzyna 21:00-da ýerine ýetiriler. «Türkmenhowaýollarynyň» resmi saýtynda 28-nji dekabrdaky ýagdaýa görä, awiapetegiň bahasy 5 müň 639 manat 80 teňňe. 
Noýabr aýynda Birleşen Arap Emirlikleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin ýurda girmekde PZR barlagynyň jogabyny we COVID-19-a garşy sanjym şahadatnamasyny görkezmek talabyny ýatyrdy.
«Türkmenhowaýollary» şeýle hem her hepdäniň duşenbe we çarşenbe günleri Dubaýa yzygiderli gatnawlaryny dowam edýär.


08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

15.04.2026 08:15
1.3k+

Sanlylaşdyrma we medeni miras: «Turkmentravel – 2026» sergisi we forumy nähili geçýär

Habar berşimiz ýaly, Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu çäre türkmen we daşary ýurtly syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň arasynda göni......

21.03.2026 07:40
1.9k+

Aşgabatda aprel aýynda «Turkmentravel – 2026» syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

07.02.2026 08:38
4.2k+

Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap

BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar...