Hindistana uçup baran her 50-nji adam COVID-19 barlagyndan geçiriler

  • 24.12.2022 16:01
  • 18k+

Hindistanyň howa menzillerinde gelýän daşary ýurtlularyň 2%-ni arasynda saýlap, koronawirus barlagyndan geçirerler diýip, ýurduň parlamentinde Saglygy goraýyş ministri Mansuh Mandawiýa habar berdi. Bu barada The Times of India ýazýar.

Hytaýda, Ýaponiýada, Günorta Koreýada, Fransiýada we ABŞ-da COVID-19 bilen keselleýänleriň sanynyň artmagy, şeýle-de, Hindistanyň öz dört ştatynda "omikron" BF.7 ştammynyň podwariantynyň ýüze çykmagy netijesinde şeýle karara gelindi diýip, ministr düşündirdi.
Ýetip gelýän baýramçylyklaryň öňüsyrasynda ştatlaryň hökümetlerini hüşgärligi saklamaga we raýatlara örtük geýmegi, ellerini antiseptikler bilen arassalamagy maslahat bermäge çagyrdy.
Saglygy goraýyş ministrligi häzirlikçe keselçiligiň derejesiniň ýokary ýurtlaryndan reýsleri kabul etmegi bes etmegi meýilleşdirmeýär diýip, pudagyň ýolbaşçysy belledi.
Şeýle-de, ol ştatlaryň hökümetlerini koronawirusyň täze ştamlarynyň ýüze çykmagynyň mümkindigi üçin gözegçiligi güýçlendirmäge we ähli položitel çykan testleri, genomy sekwenirlemek üçin, barlaghanalara ýollamaga çagyrdy.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....