Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada birnäçe resminamalara gol çekdi

  • 23.12.2022 16:26
  • 16k+

22-nji dekabrda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 14-nji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda türkmen tarapy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýy barada gysgaça syn berdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Ulag, elektroenergetika, senagat, suw hojalygy, maliýe we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi barada bellenilip geçildi.
Mundan başga-da, bilim we saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge üns berildi.
Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet konsernleri bilen himiýa-gaz senagaty, ulag, suw hojalygy ýaly ugurlar boýunça ýapon kompaniýalarynyň arasynda resminalaryň toplumyna gol çekildi.
Bilelikdäki mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.
Belläp geçsek, 21-24-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Ýaponiýa bardy.


şu gün 15:08
1.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......