«Täsin» çagalar dünýäsinden multfilm şüweleňi dowam edýär: 24-30-njy dekabr üçin şüweleň maksatnamasy

  • 22.12.2022 20:33
  • 9.6k+

Täze ýylda çagalardan başlap, uly ýaşlylara çenli täsinlikler dünýäsine aralaşmak isleýär. Täze ýyl günlerinde öň ýüzlerçe gezek görlen hem bolsa, halaýan multfilmini, ýa-da filmini gaýtalap görýänler az däldir. «Täsin» çagalar dünýäsi bolsa körpeleri hem-de olaryň ene atalaryny şol multfilmleriň dünýäsine syýahat etmäge, şol bir wagtda hem maşgala bolup medeniýetli dynç almaga çagyrýar.

Şu mynasybetli «Täsin» çagalar dünýäsi 24-30-njy dekabr üçin meşhur multfilmler esasynda guralýan şüweleň maksatnamasyny mälim etdi.

  • 24-nji dekabrda, şenbe güni «Grinç nädip Roždestwony ogurlady» multfilm şüweleňi;( How the Grinch stole christmas!)
  • 25-nji dekabrda, ýekşenbe güni «Täze ýyl towşanynyň başdan geçirenleri» multfilm şüweleňi (Приключения новогоднего кролика)
  • 26-njy dekabrda, duşenbe güni «Grinç nädip Roždestwony ogurlady» multfilm şüweleňi;( How the Grinch stole christmas!)
  • 27-nji dekabrda, sişenbe güni «Täze ýyl towşanynyň başdan geçirenleri» multfilm şüweleňi (Приключения новогоднего кролика)
  • 28-nji dekabrda, çarşenbe güni «Grinç nädip Roždestwony ogurlady» multfilm şüweleňi;( How the Grinch stole christmas!)
  • 29-njy dekabrda, penşenbe güni «Täze ýyl towşanynyň başdan geçirenleri» multfilm şüweleňi (Приключения новогоднего кролика)
  • 30-njy dekabrda, anna güni «Täze ýyl towşanynyň başdan geçirenleri» multfilm şüweleňi (Приключения новогоднего кролика)

Körpejäňizi multfilmleriň täsin dünýäsine syýahata getiriň!
Şüweleň maksatnamasy her gün 18:00-da başlanýar.
Giriş – 100 manat.
Habarlaşmak hem-de ýerleri bronlamak üçin telefon belgileri: 90-78-15 / 90-78-45; +99363 259666
Salgy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 122, «Aşgabadyň Ýalkymy» söwda merkeziniň 3-nji gaty.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......