Nadal dünýä reýtinginiň Top-10-lugynda bolmak boýunça rekord goýdy

  • 21.12.2022 14:32
  • 5.1k+

Ispaniýaly Rafael Nadal Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň birinji onlugynda yzygider bolmagynyň 900-nji hepdesine başlady. Bu rekord görkezijidir diýip, Mundo Deportivo habar berýär.

Nadal top-10-na ilkinji gezek 2005-nji ýylyň 25-nji aprelinde çykdy, 2008-nji ýylyň awgustynda bolsa ilkinji gezek dünýäniň birinji raketkasy boldy, şondan soň ýylyň jemi boýunça (2008, 2010, 2013, 2017 we 2019) bäş gezek ýylyň ahyryna çenli reýtingiň başyny çekdi.
ATP-niň turnirlerinde 36 ýaşly ispaniýaly türgeniň hasabynda 92 ýeňşi we 134 mln dollardan gowrak pul baýraklary bar.
Nadal «Uly tuwulganyň» turnirlerinde 22 gezek, şol sanda «Rolan Garros» turnirinde 14 gezek ýeňiş gazandy. Häzirki wagtda Nadal dünýä reýtinginde ikinji ýerde durýar.


21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....