Internetde täze Toyota Camry-niň ilkinji şekilleri peýda boldy

  • 20.12.2022 12:06
  • 39k+

CarsCoops awtoulag neşiri Toyota Camry-niň dokuzynjy nesliniň ilkinji insaýder jikme-jikliklerini çap etdi, dizaýner Joş Berns bolsa CarsCoops-yň sargydy boýunça ýakyn ýyllarda çykmaly awtoulagyň ilkinji renderini döretdi.

Toyota  Camry Demirgazyk Amerikada we başga-da birnäçe ýurtlarda has geçginli ýolagçy sedany hasaplanmak bilen, 20 ýyldan bäri pudakda öňdeligi elden bermän gelýär. Onuň häzirki nesli 2017-nji ýylda tanyşdyrylypdy.
Täze  Camry 2024  XV80 şertli at bilen geçýär. Awtoulag bumerang şekilli inçe swetodiod farlaryna, kontrastly trapesiýa görnüşli radiator gözenegine, şeýle hem täze egri kapota eýe bolmaly. Awtoulagyň tekerleri uly bolar, ýöne ölçegleri takyk aýdylmaýar.
Gibrid güýç gurluşy 2,5 litrlik hereketlendirijiniň bazasynda gurlar, onuň kuwwaty bolsa 335 at güýjüne deň bolar. Ondan hem başga, beýleki wersiýalarda 3,5 litrlik atmosfera hereketlendirijisiniň ýerini kuwwaty 265 a.g.-ne deň bolan 2,4 litrlik turboüfleýjili dört silindrli hereketlendiriji bilen çalşyrarlar. 


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......