Pele Braziliýanyň ýygyndysynyň oýunçylaryna we janköýerlerine ýüzlenip hat ýazdy

  • 19.12.2022 10:37
  • 43k+

Braziliýanyň ýygyndysynyň öňki hüjümçisi, üç gezek dünýäniň çempiony bolan Pele milli toparyň janköýerlerine we oýunçylaryna ýüzlendi.

"Durmuş — bu mümkinçilik. Ony näme etmelidigi siziň her biriňiziň özüňize bagly. Biz muňa dogry düşündik we biz muňa nädogry düşündik. Ýeňiş bize baýram bolup gelýär. Ýeňlişden - öwrenýäs. Durmuş hemişe jomart we bize täze başlangyçlary hödürleýär. Gün-günden täze ýola düşýäs. Bu döwürde biz ýol ugrumyzdaky böwetlere garamazdan, hiç haçan ölmejek arzuwlara atlanýas. 

Bu hemmä degişli, ýöne siz futbolçy bolmagy arzuwlanyňyzda , mümkinçilik has az, arzuwlar bolsa juda alysda görünýär. Şowsuzlygyň awusy durmuşyň beýleki agyry-ynjylaryndan agdyk däl. Ýöne olary ýazgarýan adam köp ýaly, şeýle dälmi? Onsoňam, dogrusyny aýtsaň, ýeňişler has ýygy-ýygydan bellenilýär.
Dünýä çempionatyndan çykarylanymyz näçe agyr degýänem bolsa, döşümizdäki ilkinji bäş ýyldyza nähili ýetenimizi ýatlaryna salmaklaryny braziliýalylardan haýyş edesim gelýär. Bizi herekete getirýän - söýgi. Bilmedim, futboly nämeden beýle gowy görýäs. Bu - sportdaky hakyky dostluga, ýeňşiň tolgunçly gykylygyna ýa-da oýun bary-ýogy 90 minut dowam edýänem bolsa, sähel salymlyk ähli aladalarymyzyň unudylmagyna söýgi. Belki-de, şeýle uly ýurduň aglaba toparlarynda barlygy duýulýan ýoksullyga, açlyga we neşekeşlige garşy göreşe söýgüdir. Iň owadan sportuň bir topar artykmaçlygy bar. Aýratynam, bu ýerde - Braziliýada.
Sebäbiniň nämediginiň ähmiýeti ýok. Möhüm zat - biziň bitewilige teşne wagtymyz topar biziň başymyzy birikdirdi. Men biziň öz aramyzdaky we ýurdumyz bilen aramyzdaky duýgynyň geldi-geçer bolmazlygyny arzuw edýän. Bu maksadyň elýetmez görünýän bolmagy mümkin. Emma oglanjyk wagtym şeýle görünýän başga bir arzuwym bardy: dünýä çempionatynda kakam üçin ýeňiş gazanmak. 
Arzuw hakynda aýdylanda, biziň türgenlerimiziň arzuwy gutarandyr öýtmäň. Olaryň barynyň, oglankam edil meň arzuw edişim ýaly, altynjy ýyldyzyň arzuwyny edýändiklerini bilýän. Biziň ýeňşimiz biraz soňa süýşdi.
Men türgen dostlaryma we ýygyndynyň tehniki komitetine özümiň haýran galmamy, raýdaşlygymy we söýgimi galdyrýaryn. Ähli braziliýalylara sportda bizi baglanyşdyrýan jebisligimiziň we söýgimiziň ömürlik bolmagyny arzuw edýärin. Arzuw biziň hemmämiziňki. Söýgi, söýgi we söýgi" - diýip, Pele sosial torlarda ýazdy.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....