Rüstem Hallyýew «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 17.12.2022 13:53
  • 31k+

Rüstem Hallyýew «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji boldy. Ýeňijä göçme kubok hem-de sowgat gowşuryldy. 

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde her ýylda guraýan bäsleşigine şu ýyl hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginiň birnäçe saýlama tapgyrlary ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirildi. Olaryň dowamynda emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň içinden has tapawutlanan, ýerine ýetirijilik ussatlygy bolan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan hem-de has köp ses alan ýaşlary seçip aldylar. Bu gün bolsa olar baş baýragy almak ugrunda özara bäsleşdiler. Oňa aýdym-saz sungatynda meşhurlyk gazananlar hem gatnaşdylar.


Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş eden aýdymçylaryň arasynda tomaşaçylar köpçüligine tanyş bolan, aýdym-saz toparlarynyň aýdymçylary we ýokary okuw mekdepleriniň çeperçilik gurnaklaryna gatnaşyjylar hem-de oba ýerlerinden gelen, uly sahnada ilkinji gezek çykyş edýän zehinli aýdymçylar bar. Ýaş ýerine ýetirijilere “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň konsert sahnasynda çykyş etmek üçin deň şertler üpjün edildi.
Bäsleşik mahalynda teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler olaryň çykyşlaryny diňläp, saýlan aýdymçylaryna SMS ibermek we jaň etmek mümkinçiligine eýe boldular. Munuň özi ýaş estradaçylaryň arasynda guralýan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna giň köpçüligi çekmekde oňyn şertleri üpjün etdi. Şeýlelikde, ýaş aýdymçylaryň arasyndan jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Jemleýji bäsleşige belli artistler, kompozitorlar, şahyrlar, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we köp sanly ýaşlar tomaşa etmäge geldiler.


Örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn taýýarlanan ýaş aýdymçylar özlerine goldaw berýän tomaşaçylaryň ynamyny ödemek maksady bilen, yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmadylar. Olar baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada ähli ukyplaryny, zehinlerini görkezip çykyş etdiler.
Bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, aýdymçylar onda öz sesiniň arassalygyny, owazyny görkezmek mümkinçiligine eýe boldular. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi we watansöýüjilik aýdymlary ýerine ýetirildi.
Bäsleşikde ýerine ýetirilen her bir aýdym babatda meşhur sungat işgärleriniň pikirleri diňlenildi. Şeýle hem olar ýaş aýdymçylara özleriniň maslahatlaryny berdiler. Şol wagt bolsa ses bermek işi dowam etdi. Tomaşaçylardan gelip gowşan SMS habarnamalary hasaplanansoň, bäsleşigi alypbaryjylar onuň jemlerini yglan etdiler. Bu çözgüt tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň köp sesine mynasyp bolan aýdymçynyň kesgitlenmegini şertlendirdi.


şu gün 11:25
652

Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabaraly bellenilýär

21-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Baýramçylygyň esasy dabaralary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy...

düýn 09:47
3.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda täzelenişiň we galkynyşyň nyşany bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabaraly bellenilip geçilýär. Şanly baýram mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähriban halkymyzy we ähli watandaşlarymyzy gyzgyn gutlady...

20.03.2026 11:48
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostluk saparyny tamamlap, Türkmenistana gaýtdy. TDH agentliginiň habar bermegine görä, Pekindäki çärelerden soň, ol «Şoudu» halkara howa menziline baryp, ol ýerden Türkmenistana uçdy...

20.03.2026 07:48
5.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Oraza baýramy bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda ahlak we ruhy tämizligiň nyşany bolan mukaddes Oraza baýramy bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkyny we mähriban watandaşlarymyzy bu şanly baýram mynasybetli gutlady...