«Garri we Megan» serialy Netflix-iň iň üstünlikli dokumental relizi boldy

  • 16.12.2022 15:51
  • 11k+

Şazada Garri bilen Megan Marklyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhyna we olaryň patyşalyk ygtyýarlyklaryny öz üstlerinden aýyranlaryndan soňky durmuşyna bagyşlanan “Garri we Megan” serialy dokumental taslamalaryň arasynda Netflix-iň iň meşhur premýerasy boldy. Bu barada “Deadline” neşirine salgylanyp, forbes.kz habar berýär.

Bu dokumental serialyň birinji bölümi – 8-nji dekabrda serwisde peýda bolan üç sany ilkinji epizod – relizden soňky birinji hepdäniň dowamynda 81,55 mln sagat tomaşa wagtyny ýygnady. Şeýle-de, “Garri we Megan” serialy iňlis dilinde iň meşhur ikinji şou boldy we 85 döwletde iň meşhur taslamalaryň onlugyna girdi.
Şazada Garri we Megan Markl 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda dokumental we çeper filmleriň hem seriallaryň, şoularyň we çagalar programmalarynyň önümçiligi üçin Netflix bilen bäşýyllyk şertnama baglaşdylar. Şonda şertnamanyň bahasy 100 mln dollar bilen bahalandyryldy. Şertnamanyň çäklerinde bu iki jübütiň ilkinji taslamasynyň baş gahrymanlaryň durmuşy baradaky dokumental serial boljakdygy 2022-nji ýylyň maý aýynda belli boldy.
Öň, serialyň premýerasy noýabr aýynda Britaniýanyň şa maşgalasynyň taryhy barada “Täç” serialynyň bäşinji möwsüminiň çykmagy we şol wagt heniz çykmadyk taslamanyň böleginiň tankyt edilmegi netijesinde dekabr aýyna süýşürildi.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:36
2.2k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

14.05.2026 17:28
5k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......