Özbegistan gyşda Türkmenistandan 1,5 mlrd kub metr gaz import eder

  • 15.12.2022 18:26
  • 12k+

Özbegistan gyş möwsüminde içerki isleglerini kanagatlandyrmak üçin Türkmenistandan 1,5 milliard kub metr tebigy gazy import eder diýip, sişenbe güni Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň Ýangyç-energetika toplumy departamentiniň wekili RIA Nowosti agentligine mälim etdi.

Geçen hepde Özbegistanyň hökümeti ýurtda howanyň sowamagy bilen bagly energiýa gorlarynyň ýetmezçiligi sebäpli gazyň, elektrik energiýasynyň, kömrüň we mazutyň importyny işjeňleşdirmek barada karar kabul etdi.
Biraz soňrak «Uztransgaz» PJ-niň müdirliginiň başlygy Behzot Narmatow içerki islegiň ösmegi sebäpli Özbegistanyň gazy eksport etmegini doly bes edendigini belledi.

«Türkmenistan gyş möwsüminde Özbegistana 1,5 milliard kub metre çenli gaz iberer» diýip, agentligiň söhbetdeşi habar berdi.

Gaz ibermek hakyndaky ylalaşyk golaýda Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň jemi boýunça gazanyldy.

«Bu üpjünçilik gyşyna Özbegistanda gaza bolan ýokary islegi kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer» — diýip, departamentiň wekili sözüniň üstüni ýetirdi.

Owal Özbegistanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy içerki islegiň ösmegi bilen bagly respublikanyň Türkmenistandan elektrik energiýasyny import etmegi artdyrandygyny habar beripdi: gije-gündiziň dowamynda 17-18 million kWt/sag-dan başlap 20-21 million kWt/sag-a çenli.

 


08.06.2026 19:01
4.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...