Täze zelandiýalylar dünýäde ilkinji bolup indiki nesle temmäki satmagy gadagan etdiler

  • 15.12.2022 12:00
  • 19k+

Täze Zelandiýanyň parlamenti 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ýa-da ondan soň doglan ähli raýatlara temmäki önümlerini satmagy gadagan edýän kanuny kabul etdi. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Neşir bu ýurt şeýle kanuny kabul eden ilkinji ýurtdur diýip belleýär.
Şunlukda çilim almak üçin iň bäribaş ýaş hemişe ýokarlanyp gider, hatda ýene 50 ýyldan çilim satyn aljaklara-da azyndan 63 ýaşandygyny tassyklaýan şahadatnama gerek bolar diýip, Time neşiri ýazýar.
Täze gadaganlyk bilen bir hatarda temmäki ulanmagy kemmäge çagyrýan beýleki düzgünnamalar hem güýje girer. Şeýlelikde, temmäki önümlerinde nikotiniň mukdaryny birbada kemeltmek meýilleşdirilýär, çilimler bolsa ýöriteleşdirilen dükanlarda satylyp başlanar. Temmäki dükanlarynyň umumy sany on esse - 6000-den 600-e çenli azalar.
The Guardian-yň maglumatlaryna esaslansaň, Täze Zelandiýada 2022-nji ýylyň noýabryndaky ýagdaýa görä, her gün çilim çekýän adamlaryň sany, geçen ýylky 9,4% bilen deňeşdirilende, 8%-e çenli azaldy, bu edilen gözegçilikleriň taryhynda iň az görkeziji boldy. Şol bir wagtda, neşiriň görkezişi ýaly, weýp (elektron çilim) çekýänleriň sany 6,2%-den 8,3%-e çenli artdy.
Täze Zelandiýanyň hökümeti 2025-nji ýyla çenli ýurdy "temmäkiden azat" ýurda öwürmäge çalyşýar.


03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....