«Hazynaseýf» dükany täze salgysyny habar berdi hem-de superaksiýa yglan etdi

  • 13.12.2022 17:15
  • 17k+

Her bir öýde hökmany bolmaly zatlaryň biri hem seýfdir. Elbetde, «Kör hasasyny bir gezek aldyrar» diýen pähime eýerseň, garaşylmadyk ýitgi bilen duçar bolandan soň, islendik adam onuň ikinji gezek gaýtalanmagynyň öňüni almaga synanyşar. Emma ýitgi ýa-da adatdan daşary ýagdaýyň bolmagyna garaşyp oturandan, onuň öňüni alyp, emlägiňi ygtybarly goranyň gowy dälmi, eýsem?!
Seýf dürli garaşylmadyk ýagdaýlardan goramaga ukyplydyr. Şonuň üçin hem seýf saýlananda gowusyny saýlamak hökmandyr. Çünki ol ynsany ömründe bir gezek bolup biläýjek hadysadan goraýar hem-de adam ony ömründe bir gezek satyn alýar.

Seýfi nädip saýlamaly, iň esasysy hem ony nireden alyp bolýar
«Hazynaseýf» dükany Türkmenistanda Ýewropa standartlaryna laýyk gelýän iň uly seýf saýlawyny hödürleýär.
Aşgabatdaky «Hazynaseýf» dükany müşderilere täze salgyda hyzmat edip başlady. Islendik agramdaky we görnüşdäki seýfleri hödürleýän bu dükan indi G.Kuliýew (Obýezdnoý) köçesiniň «Gyrat» binasynda ýerleşýär.
«Hazynaseýf» dükanynyň hünärmenleri siziň islegiňize görä size laýyk geläýjek seýfi saýlamaga we ony dogry ulanmaga kömek ederler.
Dükanda koreý, eýran, türk hem hytaý seýfleri bar. Mundan başga-da, islendik agramda, açarly we açarsyz, ýangyna çydamly, şeýle hem dine kodly, açarsyz seýfler bar.
Seýfleriň giň dürli görnüşleri bilen hazynaseyf.com saýtyna girip, saýlap tanşyp bilersiniz.


Galyberse-de, müşderi islegine görä, seýfi sargyt edip hem biler.
«Hazynaseýf» dükany baýramçylyklar mynasybetli superaksiýa hem yglan edýär. 15-31-nji dekabr aýynda islendik müşderi superaksiýadan peýdalanyp, arzan bahadan seýf satyn alyp biler.
Dükanda seýfler bilen bir hatarda, pul sanaýan apparatlaryň hem dürli görnüşleri bardyr.
«Hazynaseýf» dükany müşderilere hödürleýän harytlarynyň ählisine resmi taýdan kepillik berýär.
Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň içine, şeýle hem 5 welaýata amala aşyrylýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99365 50-77-12;
+99364 50-77-12

Salgy: Aşgabat ş., G.Kyliýew köçesi, (Sewernyý-Halturin) «Gyrat» binasy
Web saýt: hazynaseyf.com

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......