Xiaomi 13 we Xiaomi 13 Pro tanyşdyryldy

  • 13.12.2022 07:24
  • 22k+

Xiaomi  kompaniýasy  Xiaomi 13 we  Xiaomi 13 Pro smartfonlaryny tanyşdyrdy. Täze smartfonlar Qualcomm-yň iň aňrybaş çipine eýe boldy.

Smartfonlaryň ikisinde-de 8-den 12 GB-a çenli operatiw ýatly Snapdragon 8 Gen 2 prosessory, 128-den 512 GB-a çenli ýat, IP68 standart boýunça suwdan goraýan korpus we stereodinamikalar ulanylýar. Şunuň bilen olaryň meňzeşligi tamam bolýar, 13 Pro bolsa ýönekeý modelden garaşylyşy ýaly gowy.
Xiaomi 13-e 2400x1080 piksel razreşeniýeli, diagonaly 6,36 dýum bolan, 120 Gs-e çenli täzeleniş tizlikli we HDR10+, HLR we Dolby Vision tehnologiýalaryny göterýän ýasy OLED- ekran oturdyldy. Akkumulýatorynyň sygymy 4500 mAç, 67 wattlyk simli, 50 wattlyk simsiz we 10 wattlyk rewersiw zarýadka bilen goldanylýar. Öň kamerasy 32 megapiksellik, esasy kameranyň bolsa Leica optikasy we üç moduly bar: optiki stabilizasiýaly esasysy 50 Mp, swerhşirik 12 Mp we telewik 3 gezek optiki zumly 10 Mp. 8+128 Gb, 8+256 Gb, 12+256 Gb we 12+512 Gb konfigurasiýalar elýeter. 
Xiaomi 13 Pro  iki gapdaly egreldilen, 3200x1440 piksel razreşeniýeli 6,73 dýumlyk, täzeleniş tizligi 1-den 120 Gs-e çenli bolan we HDR10+, HLG, Dolby Vision tehnologiýalary bilen goldanylýan OLED ekran oturdylan.  Akkumulýatorynyň sygymy 4820 mAç, 120 wattlyk simli, 50 wattlyk simsiz we 10 wattlyk rewersiw zarýadka bilen goldanylýar. Öň kamerasy 32 megapiksellik, esasy kameranyň bolsa Leica optikasy we üç moduly bar: optiki stabilizasiýaly esasysy 50 Mp, swerhşirik 50 Mp we telewik 3 gezek optiki zumly 10 Mp. 8+128 Gb, 8+256 Gb, 12+256 Gb we 12+512 Gb konfigurasiýalar elýeter. 


18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....