«Berkararda» çagalar we ulular üçin FLO markasynyň aýakgap dükany açylýar

  • 12.12.2022 12:30
  • 18k+

Şu gün, 12-nji dekabrda Aşgabatdaky «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde Türkiýäniň dünýä belli FLO markasynyň aýakgap dükany açylýar. Açylyşynyň şanyna dükanda ähli harytlara -50% arzanladyş yglan edilýär hem-de 6 aý garaşaryna berilýär.

Dükanda çagalar üçin ulular üçin niýetlenen aýakgaplaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär.
Açylyş dabarasynyň wagty: 17:00

FLO — bu durmuşyň ähli pursatlary, şol sanda, toý-dabaralaryndan başlap gündelik ulanmak üçin ýokary hilli aýakgaplary elýeter bahadan hödürleýän türkiýäniň dünýä belli brendidir.
1960-njy ýylda Türkiýede Ahmet Ziýlan tarapyndan ilkibaşda uly bolmadyk ussahana hökmünde esaslandyrylan FLO brendi bu gün Türkiýäniň aýakgap bazarynda lider bolup durýar. Kärhana tarapyndan her ýylda 55 million jübütden gowrak aýakgap satylýar. Türkiýäniň özünde brendiň 100-den gowrak nokatda 500-den gowrak dükany bar. Türkiýeden başga-da, kompaniýanyň brendleri dünýäniň 21 döwletinde, şol sanda Saud Arabystanynda, Albaniýada, Iordaniýada, Gazagystanda, Özbegistanda, Yrakda, Gruziýada, Azerbaýjanda we beýleki ýurtlarda satylýar.
Bu gün bolsa, bu brendiň resmi dükany Türkmenistanda hem açylýar.

Salgysy: «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 0-njy gaty
Habarlaşmak üçin telefon: +993 64 76-89-08

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......