Täze Mazda 6 tanyşdyryldy

  • 12.12.2022 11:07
  • 10k+

Mazda kompaniýasy täzelenen Mazda 6-ny we awtoulagyň bazara çykmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ýörite ýubileý wersiýasyny hödürledi.

Mazda 6-nyň ýörite 20th Anniversary Edition  wersiýasy radiatoryň başga gözenegine, 19 dýumlyk diskleri ýalpyldawyk örtüge, öň ganatlary şildiklere we kürsüleriniň öň tarap kelle goýulýan ýerlerinde 20th Anniversary diýen ýazga eýe boldy. Reňki - dym gyzyl, Artisan Red Premium Metallic.
Täze Mazda 6-nyň esasy üýtgeşmeleri tehniki bölegine degişli boldy: hereketlendirijisi, gazyň pedaly we destiň güýçlendirijisi döwrebaplaşdyryldy, sürüjä kömek bermegiň aktiw ulgamynyň gowulandyrylan toplumlary goşuldy. 
2,2 litrlik Skyactiv-D turbodizeli täzelenenden soň 200 a.g.-ne deň bolan kuwwaty hödürleýär, bu ondan öňküden 10 a.g. kändir, aýlanýan pursady 4000 aý/min-da bolanda 25 Hm artdy. Ýapon kompaniýasynyň inženerleriniň tassyklamagyna görä, gazyň pedaly has duýgur boldy. Destiň täze elektrogüýçlendirijisi awtoulagy dolandyrmagy gowulaşdyrdy. 
Täze Mazda 6 sedan we uniwersal kuzowly, ol Ýaponiýada ýazda 21,7 müň dollardan başlap 34,8 müň dollara çenli bahadan satylyp başlanar. 

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....