Fransiýa Angliýany ýeňip, dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy

  • 11.12.2022 12:00
  • 13k+

Fransiýa çärýek finalda Angliýadan üstün çykyp, Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy.

El-Haurda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy. Fransuzlardan gollary Orelýen Tçuameni (17-nji minut) we Oliwýe Žiru (78) geçirdi. 52-nji minutda Tçuameni öz jerime meýdançasynda düzgüni bozdy, netijede iňlislerden Harri Keýn 11 metrlik urgudan ýeke-täk goly geçirdi. Keýn 84-nji minutda toparynyň gazanan 11 metrlik urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.
Keýn milli ýygyndysy üçin geçiren gollarynyň sany boýunça Ueýn Runiniň rekordyny gaýtalady (hersinde 53 gol).

Ýarym finalda çempionatyň häzirki çempionlary bolan fransuzlar Marokko bilen duşuşarlar, oýun 14-nji dekabrda geçiriler. Ikinji ýarym final duşuşygy 13-nji dekabrda Argentina bilen Horwatiýanyň arasynda geçiriler.


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....