Tite Braziliýa dünýä çempionatyndan gaýdandan soň baş tälimçi wezipesinden aýryldy

  • 10.12.2022 13:20
  • 20k+

Tite Katarda geçýän 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň çärýek finalyndaky ýeňlişden soň Braziliýanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Titeniň düşündirişini anna güni ESPN teleýaýlymy goýberdi.

Tite: "Agyr ýeňliş, ýöne men öz dünýämde özüm bilen ikiçäklikde galýaryn. Eýýam tamam boldy" - diýdi.

9-njy dekabrda Horwatiýanyň ýygyndysy 11 metrlik urgularda 4:2 hasap bilen dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Braziliýanyň toparyny ýeňdi. Oýnuň esasy wagty 0:0 hasap, berlen iki goşmaça taým - 1:1 hasap bilen tamamlandy.
Tite 2016-njy ýyldan bäri Braziliýanyň ýygyndysyna baştutanlyk edip gelýär, onuň ýolbaşçylygynda topar 2019-njy ýylda Amerikanyň Kubogynyň eýesi boldy. Owal ol Braziliýanyň "Gremio", "Internasýonal", "Atletiko Mineýro", "Palmeýras" klublarynda işledi. Şeýle-de, ol birnäçe gezek "Korintians"-yň tälimçisi boldy (2004; 2010-2013; 2015-2016). Topar onuň bilen birlikde iki gezek Braziliýanyň çempiony, Libertadoresiň Kubogynyň eýesi we 2012-nji ýylda klublar arasy dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy. 


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....