Xiaomi 13 smartfonunyň ilkinji görkezilişi 11-nji dekabrda geçiriler

  • 10.12.2022 11:52
  • 14k+

Xiaomi 13 flagman smartfonunyň ilkinji görkezilişi 1-nji dekabrda geçmelidi, emma ony Hytaýyň kompartiýasynyň öňki baş sekretary Szýan Szeminiň aradan çykmagy bilen bagly näbelli möhlete süýşürilipdi. Häzirki wagtda gurluşyň öňümizdäki ýekşenbede, 11-nji dekabrda görkeziljekdigi mälim boldy diýip, Gizmochina habar berýär.

Xiaomi 13 we Xiaomi 13 Pro flagman smartfonlary düýbünden täze Snapdragon 8 Gen 2 prosessoryna, 2K razreşeniýeli 6,2 dýumlyk ekrara we barmak yzlaryny ultrases arkaly skanirleýjä, şeýle hem 50 Mp üçin esasy Sony kamera eýe bolar.
Gurluşyň bahasy heniz belli däl, ýöne täze telefonuň daşynda uly gyzgalaňyň gidýändigi habar berilýär. Hytaýda Xiaomi-niň muşdaklarynyň aglabasy eýýäm, 999 ýuan (takmynan 142 $) depozit bilen, entek tanyşdyrylmadyk smartfon üçin deslapky sargytlary resmileşdirýärler.
Täze smartfon bilen birlikde, ýörite çäräniň çäklerinde,  Xiaomi-niň beýleki gajetleri, şol sanda simsiz Buds 4 TWS-gulaklyklary  we Xiaomi Watch S2 «akylly» sagatlar hem debýut edilmeli.
Bulardan başga-da, hytaý kompaniýasy täze MIUI 14 proşiwkasyny hem hödürlär.


18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....