Alen Berse 2023-nji ýyl üçin Şweýsariýanyň prezidentligine saýlandy

  • 09.12.2022 07:33
  • 5.6k+

Şweýsariýanyň içeri işler ministri, hökümetde Sosial-demiokratik partiýa (SDPŞ) wekilçilik edýän Alen Berse 2023-nji ýyl üçin ýurduň prezidenti saýlandy. Saýlawlar çarşenbe güni Federal ýygnagyň (parlamentiň) iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde geçiririldi. Ses berlişigiň gidişini parlamentiň onlaýn metbugat gullugy beýan etdi.

Berse prezidentiň ygtyýarlyklaryny 12 aýyň dowamynda öz ministrlikdäki borçlary bilen bir wagtda ýerine ýetirer. Ol 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan wezipesini ýerine ýetirmeklige girişer. 
Berse 1972-nji ýylyň 9-njy aprelinde Şweýsariýanyň demirgazygynda Fribur kantonynda doguldy. Ykdysady ylymlaryň doktory we politologiýanyň magistri alymlyk derejeleri bar. 2012-nji ýyldan bäri içeri işler ministrligine (federal departamente) ýolbaşçylyk etmek bilen hökümetiň düzüminde işleýär, hususanam, onuň garamagyna sosial üpjünçilik, saglygy goraýyş we medeniýet girýär. 2018-nji ýylyň dowamynda hem Berse prezidentiň wezipesinde işläp görüpdi we  ol bu wezipä täzeden syýasy terjimehalynda ikinji gezek saýlandy. 


07.04.2026 21:02
2.2k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...