Türkmenistanda Sierra-Leoneniň ilçisi işläp başlady

  • 08.12.2022 12:38
  • 5.9k+

7-nji dekabrda Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alie Badara Kamara Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada jikme-jik gürrüň berildi. Giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda Afrikanyň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Myhman döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, giň gerimli taslamalar we maksatnamalar bilen hem tanyşdyryldy.
Şeýle hem söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklaryň derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alie Badara Kamara iki ýurduň we dostlukly halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
129

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......