Hökümetara Türkmen-russiýa toparynyň agzalary 15 sany resminama gol çekdiler

  • 08.12.2022 12:29
  • 21k+

Moskwada wise-premýerler Raşid Meredowyň we Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygynda Ykdysady hyzatdaşlyk boýunça Hökümetara Türkmen-russiýa toparynyň XII mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar.

«Gepleşikler dürli ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge, täze ugurlara çykmaga özara gyzyklanmany tassyklady» — diýlip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Ýangyç-energetika, ulag, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, saglygy goraýyş hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmen wekiliýetiniň RF iki günlük saparynyň netijeleri boýunça 15 sany ikitaraplaýyn resminama, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

 


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......