Orion arş gämisi Aýyň daşyna gaýtadan aýlanyp, Ýere ugur aldy

  • 08.12.2022 07:59
  • 7.7k+

Amerikanyň sürüjisiz Orion synag arş gämisi awtonom režimde pes beýiklikden ikinji gezek Aýyň daşyna aýlanyp çykansoň, Ýere tarap ugur aldy diýip, NASA habar berýär.

Ol Aýyň üstüne aňrybaş golaýlanda aralyk 129 km boldy.
ABŞ-nyň Gündogar kenarýaka wagty boýunça sagat 11:43-de (21:43 aşg) Ýere tarap uçuşyň traýektoriýasyna çykmak üçin gämide marş hereketlendirijisi işe girizildi. Hereketlendiriji öz wagtynda, meýilleşdirilen 3 minut 27 sekundyň dowamynda işledi. Şondan soň gämi Ýeriň tebigy hemrasyndan daşlaşyp ugrady.
1-nji dekabrda Orion Aýyň daşyndaky uzak retrograd orbitasy bilen galtaşmak boýunça üstünlikli manýowry amala aşyrdy. Şol wagt Aýyň üstüne çenli aralyk 85 müň kilometr töweregi boldy. 
Gäminiň şol orbitada bolmagy apparatyň mümkinçiliklerine baha bermäge we Ýerden uly aralykda onuň ulgamlaryny synag edip görmäge mümkinçilik berdi.
11-nji dekabrda Orion Kaliforniýanyň kenarlaryna Ýuwaş ummanynyň suwuna gonmaly.
Onuň bortunda geljekki ekipaža uçuşyň şertleriniň ýetirýän täsirini ölçemeli datçikli manekenler bar.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....