8-nji dekabrda Ýeriň ilaty Aýyň Marsyň öňüni tutuşyny synlap bilerler

  • 08.12.2022 07:54
  • 19k+

Şu gün, 8-nji dekabrda irden Aý Marsyň öňüni tutar we bu dolan Aý hem-de Gyzyl planetanyň garşyda durmagy bilen gabat geler.  Bu barada çarşenbe güni Moskwanyň planetariýasynyň metbugat gullugy TASS-a habar berdi.

Dolan Aý Mars garşyda duran wagty — Ýer hem Mars Gün bilen bir setire düzülende astronomlar ony şeýle atlandyrýarlar, şonda Mars we Gün biri-biriniň garşysynda (biziň planetamyz ortada) durýar —  onuň öňüni doly tutar. Mars 8-nji dekabrda aşgabat wagty bilen 10:35-de, Ýerden 82,2 mln km uzaklykda bolmak bilen, şol nokatda ýerleşer.

«Üç hadysanyň üçüsi hem irden, bir wagtda diýen ýaly — aşgabat wagty bilen sagat 9:00-dan  11:00-çenli aralykda bolup geçer. <... > Aý dolan görnüşde, Marsyň göze görünýän ölçegleri we ýagtysy bolsa — iki ýyllyk döwür üçin maksimal bolar, bu syn etmek üçin şertleri aňrybaş oňaýly eder» — diýip, planetariýanyň metbugat gullugynda habar berdiler, şol wagt Aý bilen Marsyň Öküzçe ýyldyzlar toplumynda boljakdygyny takykladylar.

Marsyň garşyda durmasy takmynan her iki ýyldan bolup geçýär. Eger Mars biziň planetamyza maksimal golaý gelse (60 mln km-den bärde), onda munuň ýaly garşyda durma beýik diýip atlandyrylýar — beýle ýagdaýlar her 15 ýa-da 17 ýyldan gaýtalanýar.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......