Beýik Britaniýada Garri Potteriň keşbi bilen teňňeler çykaryldy

  • 07.12.2022 14:43
  • 12k+

Beýik Britaniýada Garri Potteriň keşbi bilen dört sany ýubileý teňňe çykaryldy. Bu barada Daily Mail habar berýär diýip, novosti.kg belleýär.

Baş gahrymandan başga-da, “Hogwarts-Ekspress” otlusy, professsor Dambldor we Jadygöýlik mekdebi hem şekillendirilýär. Teňňeleriň arka tarapynda Ýelizaweta II-niň keşbi bar, ýöne indiki ýyldan ol patyşa Karl III-niň keşbi bilen çalşyrylar.
Patyşalyk zikgehanasynyň kolleksionerler bilen işleşmek boýunça müdiri Rebekka Morgan bu ýygynda isleg bildiren köp bolar diýip hasaplaýar. Sebäbi bu teňňe merhum şa aýalynyň portreti şekillendirilen iň soňky teňňe bolar.
Teňňeleriň bahasy metala we nominala baglylykda 11 – 5 müň ýewro aralygynda bolar.
Bu ýygyndy “Garri Potter we filosofiýa daşy” kitabynyň ilkinji neşiriniň 25 ýyllygyna bagyşlanýar.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
957

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......