OPEK+ ministrleri nebit çykarmagyň häzirki çäklendirmesini saklamagy karar etdiler

  • 06.12.2022 23:34
  • 8.6k+

OPEK+ ministrleri  nebit  çykarmagyň häzirki çäklendirmesini saklap galmagy karar etdiler diýip, bileleşigiň metbugat relizinde aýdylýar.

OPEK+ ministrleriniň gözegçilik komitetiniň indiki duşuşygyny 1-nji fewralda geçirmek bellendi, 3-nji iýunda OPEK-iň nobatdaky maslahaty bolar, OPEK+ ministrleriniň doly formatdaky duşuşygyny bolsa 4-nji iýunda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Interfaks çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Metbugat beýanynda OPEK+ ministrleriniň indiki duşuşygynyň diňe senesi - 4-nji iýuldadygy habar berilýär, şeýle-de, zerur bolanda, olaryň islendik wagt duşuşmaga taýýardyklary nygtalýar.
Habara görä, nebit çykarmakda noýabrdan başlap çäklendirmäniňň gije-gündiziň dowamynda 2 mln barrele çenli azaldylmagy hakynda 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda kabul edilen karar "bazaryň gatnaşyjylary tarapyndan retrospektiw zerur diýip ykrar edildi we dünýäniň nebit bazarlaryny durnuklaşdyrmak babatyndaky hereketleriň dogry ugry diýip hasaplandy".


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......