Türkmenistan Halkara gatnawlarda konteýner otlulary hakyndaky ylalaşyga goşular

  • 05.12.2022 14:13
  • 18k+

Türkmenistan Halkara gatnawlarda konteýnerleri konteýner otlularynyň düzüminde daşamak hakyndaky ylalaşyga goşulmagy meýilleşdirýär. Bu barada Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew Hökümet mejlisinde habar berdi.

Onuň sözlerine görä, "Türkmendemirýollary" agentligi tarapyndan öz gurluş bölünmesini - açyk görnüşli "Demirýollary" paýdarlar jemgyýetini, Türkmenistanyň üstünden geçýän halkara ulag geçelgesini ösdürmek, ýurduň çäginden konteýnerläp daşaýyşlaryň möçberini artdyrmak, şeýle hem optimal baha konýunkturasyny we logistiki çyzgyny kemala getirmek maksady bilen, agzalan ylalaşyga birikdirmegiň mümkinçilikleri öwrenildi.  
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň platformasynda kabul edilen agzalan ylalaşyk, 2022-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky ýagdaý boýunça üýtgetmeleri we goşmaçalary nazara almak bilen,  2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri hereket edýär.


şu gün 16:02
456

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......