Apple iPhone 14-iň satuwy netijesinde Hytaýyň smartfon bazarynyň 25%-ini eýeledi

  • 04.12.2022 22:41
  • 14k+

Counterpoint Research gözleg kompaniýasynyň hasabatyna görä, Apple Inc. amerikan kompaniýasy oktýabr aýynda iPhone 14 seriýasynyň güýçli satuwy netijesinde Hytaýyň smartfon bazarynyň 25%-ini eýeledi. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Hytaýda bellenilen aýda iň köp satylýan smartfon sentýabr aýynda bazara çykan iPhone 14 Pro Max boldy. Ikinji orny ykjam iPhone 14 Pro eýeledi.
Bu maglumatlar hytaýly sarp edijileriň adaty iPhone 14 bilen deňeşdirilende funksionaly giňeldilen smartfonlary almak üçin köp pul tölemäge taýýardygyny delillendirýär.
Şol bir wagtyň özünde Hytaýda smartfon satuwy oktýabr aýynda ýyllyk aňlatmasynda 15% pese gaçdy. Apple 4% pese gaçyşy hasaba aldy.


düýn 23:59
1.4k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....