Indiki ýyl Ilon Maskyň kompaniýasy adamlara çip oturdyp başlar

  • 04.12.2022 21:33
  • 18k+

ABŞ-da geçen «Görkez we gürrüň ber» atly çärede Ilon Mask Neuralink kompaniýasynyň öňümizdäki alty aýyň içinde öz çipini adamyň kellesine implantasiýa edip biljekdigini habar berdi. 

Çärede Mask kompaniýanyň adamlarda kliniki synag geçirmek üçin zerur bolan resminamalaryň bir toparyny ABŞ-da lukmançylyk gurallarynyň bazarynda düzgünleşdiriji bolup çykyş edýän Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline arassaçylyk gözegçiligi boýunça müdirlige (U.S. Food and Drug Administration, FDA) hödürländigini aýtdy.
Neuralink-iň maksady — beýnä implantasiýa edip bolýan gurluşy döretmek we ony beýni işjeňliginiň kömegi bilen kompýuteri ýa-da telefony dolandyrmakda ulanmak.
2019-njy ýylda Neuralink öz çiplerini maýmynlarda synag edip gördi, 2020-nji ýylda gurluşy doňuzlara implantasiýa etdi, geçen ýyl bolsa Neurolink maýmynyň oňat ornaşan çipiň kömegi bilen ýönekeýje Pong oýnuny oýnaýşynyň wideosyny görkezdi.
Bu ýyl ýene maýmynly wideo görkezildi: wideogörkezilişde olaryň biri öz implantyny ulanyp hem-de ünsüni görkezilen sözlerde we jümlelerde jemläp, "Görkezmek we gürrüň bermek üçin hoş geldiňiz" diýen jümläni "çap etmegi" başardy.


şu gün 16:56
345

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
818

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.3k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....