Russiýanyň demir ýollarynyň hünärmenleri türkmen demir ýollarynyň durkuny täzelemek işlerine baha berer

  • 04.12.2022 09:15
  • 28k+

Türkmenistan bilen Russiýa demir ýol infrastrukturasyny ösdürmegiň üstünde işleýärler, rus kompaniýalarynyň bolsa türkmen demir ýollary pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmak üçin uly geljegi bar - diýip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow TASS-yň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.  

Şeýle-de, ol ýakyn wagtlarda Russiýanyň demir ýollarynyň hünärmenleriniň wekiliýetiniň ýurda geljekdigini, türkmen demir ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça geçirilmeli zerur işlere baha berjekdigini, şeýle-de, Türkmenistanyň ägirt üstaşyr kuwwaty bolan demir ýol hojalygynyň goýberiş ukybynyň mümkinçiliklerini öwrenjekdigini habar berdi.    
Ýük akymy artanda bar bolan ýol hojalygyny döwrebaplaşdyrmak we täzesini gurmak, häzirki zaman ammar infrastrukturasyny, şol sanda ýapyk we sowadyjy jaýlary gurmak zerur bolar. Beýleki uzakmöhletleýin taslamalaryň içinde türkmen demir ýol magistrallaryny elektrifikasiýalaşdyrmak we uglewodorod ýangyjyny ulanmakdan daşlaşmaklyk ýaly işler bar diýip, rus söwda wekili aýtdy.
Ýene bir artykmaçlyga eýe ugur, ol hem tehnika bilen üpjün etmek örüsindäki hyzmatdaşlyk. Ýaňy-ýakynda Türkmenistana "Transmaşholding" rus paýdarlar jemgyýetiniň bäş teplowozy gelip gowuşdy. Ýelizarowyň sözlerine görä, Söwda wekilhanasy eýýäm rus kompaniýasy bilen bilelikde indiki taslamanyň üstünde iş alyp barýar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......