Pele sosial torlarda öz saglyk ýagdaýy hakynda gürrüň berdi

  • 03.12.2022 07:42
  • 14k+

Ýer ýüzüniň janköýerleriň ählisi ynjalyp bilerler — ady rowata öwrülen braziliýaly futbolçy Peleniň ýagdaýy kanagatlanarly,  futbolyň şasy hassahana ýerleşmeginiň meýilnamalaýyn häsiýete eýedigini aýdyp, bu barada sosial torlarda onuň özi ýazdy. Şonuň bilen birlikde, türgen öz saglygy dogrusynda biynjalyk bolýan adamlara öz minnetdarlygyny bildirdi diýip, "MIR 24" habar berýär.

Iki gün mundan öň habar beriş serişdeleri Peleniň köp sanly çişler we ýürek ýetmezçiligi sebäpli San-Pauludaky hususy hassahana örän agyr ýagdaýda düşendigini habar beripdi. Henizem reanimasiýa bölümine düşmek gerek bolmady diýip lukmanlar aýtdylar. Bir ýyl mundan öň braziliýaly türgeniň ýogyn içegesinden operasiýa arkaly çiş aýryldy. Birnäçe aý geçenden soň bolsa içegesinde, bagrynda, şeýle-de öýkeninde başlangyç derejedäki çişleriň bardygy ýüze çykaryldy. Soňky wagtlarda 82 ýaşly braziliýaly türgen himioterapiýa kursuny geçýärdi.
Pele XX asyryň iň gowy futbolçysy hasaplanýar, ol dünýäniň üç gezek çempiony bolan ýeke-täk adam. Futbolçy öz karýerasynda 1 279 gezek gol geçirdi. Hatda Braziliýada Peleniň güni baýramy hem bar, ol 19-njy noýabrda bellenilýär.


08.06.2026 16:29
3.8k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

05.06.2026 07:28
8.3k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......