Braziliýada kriptowalýuta töleg etmegiň kanuny serişdesi diýlip ykrar edildi

  • 02.12.2022 16:26
  • 4.8k+

Wekiller palatasy ýedi ýyllyk çekişmeden soň, Braziliýada kriptowalýutanyň bazaryny düzgünleşdirýän PL 4401/2021 kodly kanunyň taslamasyny makullady. Senat resminamany aprel aýynda makullapdy, iýundan bäri ol parlamentiň aşaky palatasynda saklanyp, ahyram, ýurduň prezidenti Žair Bolsonaruwyň (Jair Bolsonaro) (onuň ygtyýarlyklarynyň möhleti 2022-nji ýylyň 31-nji dekabrynda dolýar) gol çekmegine hödürlendi.

Sessiýanyň dowamynda senat tarapyndan kanunyň taslamasyna girizilen üýtgetmeler boýunça çekişmeler boldy. Taslamanyň awtory Aureo Ribeýro (Aureo Ribeiro) («Raýdaşlyk» partiýasy) bir topar üýtgetmelere garşy çykyp, olar «bazary hapalaýar» diýip tassyklady. Aýratynam, ahyrda, barybir, wekilleriň palatasy tarapyndan tassyklanan paýnamalaryň segregasiýasy hakyndaky bölümçäni şeýle hasaplady. Kanunyň ahyrky görnüşi üpjün edijilerden  öz serişdelerini müşderileriň serişdesinden bölüp aýyrmak hyzamatynyň bolmagyny talap edýär. Bu FTX kriptowalýuta biržasynyň başdan geçireni pisint çökgünlikden gaça durmak üçin gerek. Şeýle-de, kanuna maýnerler (kriptowalýutany gazanyjylar) üçin salgyt ýeňillikleri hakyndaky düzgünnama girmedi. Galyberse-de, kriptowalýutanyň jenaýatçylar tarapyndan ulanylmagynyň mümkindigi sebäpli industriýany pugta gözegçilikde saklamagyň zerurdygy bellendi.
Kriptowalýutalar hakyndaky kanun maglumatlary tertibe salmak, ulanyjylaryň hukuklaryny goramak we goraglylygyny üpjün etmek, maliýe jenaýatçylyklaryna garşy göreşmek we kriptowalýuta bilen geçirilýän operasiýalaryň aýdyňlygyny gazanmak çygrynda gollanma edinilmegi zerur    kadalaşdyryjy ýolbaşçylyk ýörelgelerini kesgitleýär.


06.02.2026 09:27
2.6k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.3k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...