Argentina Polşadan üstün çykdy we ikisi bile pleý-off tapgyryna çykdy

  • 01.12.2022 08:16
  • 9k+

Katarda dünýä çempionaty - 2022-niň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Argentina Polşadan üstün çykdy.

Dohada geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Aleksis MakAlister (46-njy minut) we Ýulian Alwarez (67) geçirdi.
39-njy minutda Lionel Messiniň 11 metrlik jerime urgusyny Woýseh Şensny gaýtardy. 

Ugurdaş duşuşykda Lusailde Meksikanyň ýygyndysy Saud Arabystany bilen 2:1 oýnady. Meksikadan gollary Enri Martin (47-nji minut) we Luis Çawes (52) geçirdi, Saud Arabystanyndan Salem al-Dawsari (90+5) tapawutlandy.
Meksikanyň goşmaça wagtda geçirden goly ony pleý-off tapgyryndan mahrum etdi. Polşa geçiren-geçirden gol sany boýunça Meksikadan öňe geçdi.
Argentina 6 utuk bilen C topardan birinji bolup çykdy, Polşa (4) ikinji, Meksika (4) üçünji, Saud Arabystany (3) dördünji.
1/8 final tapgyrynda Argentina 3-nji dekabrda Awstraliýa bilen, Polşa 4-nji dekabrda Fransiýa bilen duşuşar.


düýn 15:02
3.2k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....

düýn 14:05
6.4k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 11:18
2.4k+

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynda gatnaşyjylaryň sanyny 32-ä ýetirmek meýilleşdirilýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýaryşlar komiteti 2026/27 möwsüminden başlap, Elita Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 24-den 32-ä çenli köpeltmegi maslahat berdi....

18.04.2026 23:43
7k+

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....